Mazmuna geçiň

Jean-Claude Pascal

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Jean-Claude Pascal (Zan-Klod Villemino, 24 oktýabr 1927 – 5 maý 1992) has köp Zan-Klod Paskal (fransuzça aýdylyşy: [ʒɑ̃ klod paskal]) — ady bilen tanalýan fransuz komediýaçysy, aktýory, aýdymçysy we ýazyjysydy.

Irki durmuş

[düzet | çeşmäni düzet]

Parižde baý dokma öndürijileriniň maşgalasynda doguldy. Onuň ejesi Arlette Lemoine iňlis moda dizaýner Çarlz Frederik Wortyň agtygydy. Kakasy Rojer Villemino onuň doglan ýylynda aradan çykdy[1].

Orta bilimini 1938 ýylda Kompýen şäherindäki Kollej Annel mekdebinde başlady we Pariždäki Janson-de-Sailly liseýinde tamamlady. 1944 ýylda, 17 ýaşynda, general Lekleriň 2 sowutly diwiziýasyna goşuldy. Ol 1944 ýylyň noýabr aýynda, nemes goşuny şäheri boşadýan mahaly, Strasburg şäherine giren ilkinji fransuz esgeri boldy. Munuň üçin ol 1945 ýylda "Croix de Guerre" baýragyna mynasyp boldy[2].

Ikinji Jahan urşundan soň, Strasburgda Paskal Sorbonnada okady we soňra "Christian Dior" üçin moda dizaýneri boldy. "Don Juan" pýesasynyň teatr sahnalaşdyrylyşy üçin kostýumlaryň üstünde işleýärkä, ol aktýorlyk bilen tanyşdy. Onuň ilkinji aktýorlyk keşbi "Le jugement de Dieu" (1949, 1952 ýylda çykarylan) filminde we soňra 1951 ýylda Anouk Aimée bilen "Le rideau cramoisi" filminde boldy, soňra Romy Şnaýder bilen "Die schöne Lügnerin" we Mişel Mersýe bilen "Angelique and the Sultan" (Angelique et le sultan, 1968) ýaly birnäçe filmlerde peýda boldy.

Paskal 1961 ýylda Lýuksemburg üçin "Nous les amoureux" ("Biz aşyklar") aýdymy bilen Ýewrowideniýe bäsleşiginde ýeňiji boldy, onuň sazyny Žak Datin, sözlerini bolsa Maurice Widalin ýazdy[3][4].

Soňra ol 1981 ýyldaky bäsleşikde Lýuksemburgyň adyndan ýene-de çykyş etdi we sözlerini we sazyny Sofi Makno we Žan-Klod Peti bilen bilelikde döreden "C'est peut-être pas l'Amérique" ("Bu Amerika bolup bilmez") aýdymy bilen 20-niň arasynda 11 orny eýeledi. Paskal 1992 ýylda 64 ýaşynda aşgazan rak keselinden, O-de-Sen adasynyň Klişi şäherinde aradan çykdy.

Salgylanmalar

[düzet | çeşmäni düzet]
  1. "Charles Frederick Worth, le "père de la haute couture"". Jean-Claude Pascal, Portrait (in fransuz dili). 25 December 2017. Retrieved 23 December 2021.
  2. Billaut, François (2020). "Charles Frederick Worth, le "père de la haute couture"". Point de Vue (in fransuz dili). Archived from the original on 12 May 2015. Retrieved 23 December 2021.
  3. "" Nous les amoureux " de Jean-Claude Pascal, une chanson qui annonce la révolution du mouvement gay..." La Première (in fransuz dili). 16 May 2019. Retrieved 2020-05-03.
  4. Minsitru, Sébastien (16 May 2019). ""Nous les amoureux" de Jean-Claude Pascal, une chanson qui annonce la révolution du mouvement gay..." RTBF (in fransuz dili). Retrieved 23 December 2021.
Jean-Claude Pascal
Morty Proxy This is a proxified and sanitized view of the page, visit original site.